Çykyş ediji barada

Serdar Jorayev - Founder

Artur Andrysiak

Aziýa ösüş bankynyň (ADB) Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory

Jenap Artur Andrysiak Aziýa Ösüş Bankynyň (AÖB) Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory bolup, AÖB bilen Türkmenistan Hökümetiniň arasyndaky gündelik utgaşdyryjy işleri amala aşyrýar mundan başgada syýasy gepleşikleri, şeýle hem taslamalaryň taýýarlanmagy, durmuşa geçirilmegi, mümkinçilikleriň ösdürilmegi we hyzmatdaşyk meseleleri boýunça işleri alyp barýar. Jenap Andrysiak 25 ýyldan gowrak umumy zähmet tejribesiniň 13 ýylyny AÖB-niň ulgamynda dolandyryş, ýolbaşçylyk we tehniki wezipelerde işlemek bilen, milli hem-de halkara derejelerinde baý hünär tejribesine eýedir. Ol 2012-nji ýyldan bäri AÖB-niň ulgamynda, ýagny bankyň sebitara we amaly müdirliklerinde dürli wezipelerde, şol sanda AÖB-niň Owganystandaky hemişelik wekilhanasynyň direktorynyň orunbasary wezipesinde işledi. Jenap Andrysiak 2012-nji ýyla çenli Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş Ummany sebitleri boýunça ykdysady we durmuş komissiýasy (ESCAP), Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy (UNECE) ýaly halkara guramalarynda we Awstraliýanyň Statistika edarasynda işledi. Jenap Artur Andrysiak Awstraliýanyň Milli Uniwersitetiniň “Menejment we buhgalter hasaby” ugry boýunça magistr derejesine, şeýle hem, Awstraliýadaky Edith Kowan Uniwersitetiniň “Ykdysadyýet we maliýe işi” ugry boýunça bakalawr derejesine eýedir.