Gismat Gozalow 1967-nji ýylda Azerbaýjanyň Salyan etrabynda dünýä indi. Ol Baku Döwlet Uniwersitetiniň Gündogarşynaslyk fakultetinde ýokary bilim aldy. Ol 1995-nji ýylda Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde (DIM) diplomatik işine başlady. 1995–1998-nji ýyllarda Azerbaýjan bilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge jogapkär boldy we iki sammite gatnaşdy. 1998–2011-nji ýyllarda Azerbaýjan Respublikasynyň Istambuldaky Baş konsullygynda baş konsulyň orunbasary, konsul, baş konsulyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde hem-de Daşary işler ministrliginde dürli wezipelerde işledi. 2012–2014-nji ýyllarda Türk Döwletleri Guramasynyň Döwlet Baştutanlary Geňeşiniň kararyna laýyklykda Guramanyň Baş kätibiniň orunbasary wezipesini ýerine ýetirdi. 2015–2018-nji ýyllarda Daşary işler ministrliginiň Ikinji Ýewropa departamentiniň başlygynyň orunbasary bolup işledi. 2019–2022-nji ýyllarda gaýtadan Türk Döwletleri Guramasynyň Baş kätibiniň orunbasary wezipesini ýerine ýetirdi. Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky Buýrugyna laýyklykda Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi.