Çykyş ediji barada

Serdar Jorayev - Founder

Narine Saakýan

BMGÖM-niň Türkmenistanda hemişelik wekili

Hanym Saakýan BMG ulgamynda taslamalaryň dolandyryjysy we BMGÖM-niň hemişelik wekili bolup, 25 ýyldan gowrak tejribe toplady, şeýle hem ol hökümet edaralarynda we ylmy-gözleg edaralarynda, ýerli we halkara jemgyýetçilik guramalarynda, Bütindünýä bankynda, USAID-da hem-de beýleki halkara guramalarynda 15 ýyl goşmaça tejribe toplady. Onuň Ýewropa Bileleşigine integrasiýa ýaly meselelerde hökümetler üçin esasy reformalary işläp düzmekde we ösdürmekde, ösüş we maýa goýum maksatnamalary üçin serişdeleri herekete getirmekde hem-de döwlet edaralaryndaky we ýerli häkimiýetlerdäki hyzmatdaşlar, donorlar we hususy pudak bilen çylşyrymly meseleleri ara alyp maslahatlaşmakda we karar bermekde baý tejribesi bar. Hanym Saakýan ozal BMGÖM-niň Demirgazyk Makedoniýada hemişelik wekili, Makedoniýada, Moldowada we Türkmenistanda hemişelik wekiliň orunbasary bolup işledi. BMGÖM-da işläp başlamazdan ozal hanym Saakýan ABŞ-da hökümetiň we hususy pudagyň hyzmatdaşlygynda “EurAsia Foundation” guramasynyň ykdysady ösüş bölümine ýolbaşçylyk edip işledi. Mundan başga-da, ol Ermenistan Respublikasynyň hökümetinde dürli wezipelerde işledi - Söwda we senagat ministrliginiň Maýa goýumlar müdirliginde we Ykdysadyýet ministrliginiň Daşary ýurt maýa goýumlar müdirliginde ýolbaşçy wezipelerde işledi. Hanym Saakýan Ykdysadyýet ylymlarynyň doktory (Moskwa, Döwlet meýilleşdiriş gullugy) we Biznes dolandyryşy boýunça bakalawr derejesine eýedir (Ýerewan, Inženerçilik uniwersiteti).