Tetsuji Miýazaki 35 ýylyň dowamynda Toyo Engineering Corporation kompaniýasynda zähmet çekip, nebit-himiýa, nebit we gaz desgalarynyň taslamalaşdyrylmagy boýunça ýöriteleşdi. Iki onýyllygyň dowamynda ol dürli taslama toparlarynyň düzüminde raýat gurluşygy, konstruksiýa we arhitektura inženeri hökmünde çykyş edip, Ýaponiýada, Malaýziýada, Taýlandda, Özbegistanda, ABŞ-da we Russiýada EPC taslamalarynyň (taslama, üpjünçilik we gurluşyk) amala aşyrylmagyna gatnaşdy. Soňky sekiz ýylyň dowamynda ol Toyo Engineering Corporation kompaniýasynyň Russiýa bazaryndaky işewürligini ösdürmäge uly goşant goşdy. Moskwadaky wekilhananyň baş müdiri wezipesinde işlän döwründe, EPC ugurndaky baý tejribesini we rus dilini erkin bilmegini peýdalanyp, kompaniýanyň sebitdäki ösüşine ýardam etdi. 2019-njy ýylda ol Russiýadaky Irkutsk şahamçasynyň direktory we taslama müdiri wezipesine bellenildi. Bu ýerde ol Irkutsk welaýatynyň Ust-Kut şäherinde ýerleşýän iri taslama bolan Irkutsk polimer zawodynyň amala aşyrylmagyna ýolbaşçylyk etdi. Ol müşderi bolan Irkutsk nebit kompaniýasy bilen gatnaşyklaryň netijeli alnyp barylmagyny üpjün edip, aýratyn-da gurluşygy dolandyrmak topary we işe goýberiş (pusk-naladok) hyzmatlaryny goldamak ugurlarynda Toyo kompaniýasynyň borçnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegini gazandy. Ähli kynçylyklara, şol sanda dünýä pandemiýasyna we sanksiýalara garamazdan, polimer zawody 2025-nji ýylyň awgust aýynda üstünlikli işe girizildi. 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda ol Türkmenistanyň wekilhanasynyň direktory wezipesine bellenildi. Bu ýerde ol Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde ýerleşýän polimer zawodynyň birinji we ikinji tapgyrlarynyň amala aşyrylmagynda möhüm orun eýeläp, önümçiligiň ygtybarly işe girizilmegini üpjün etdi.